Türkmenistanda howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar

  • 25.12.2020 12:31
  • 34k+

Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howanyň ep-esli sowamagyna garaşylýar. Hünärmenleriň pikiriçe, 25-nji dekabrda günüň ikinji ýarymyndan, şeýle hem 26-njy dekabrda Aşgabatda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gije howanyň temperaturasy peseler we tutuş ýurtda –9 gradusa çenli sowuk bolar. Bu barada ORIENT habar berýär.

Balkan, Ahal, Daşoguz welaýatlarynda, şeýle hem Mary sebitiniň merkezi böleginde ýagyn ýagar. Käbir ýerlerde gar örtüginiň galyňlygy 10-15 santimetre ýeter. Aýazyň ep-esli ýokarlanmagy 27-nji dekabrda Türkmenistanyň demirgazyk we demirgazyk-gündogarynda bolup, gije howanyň temperaturasy –6-dan –11 gradusa çenli peseler.
Lebapda dekabr aýynyň soňky ongünlüginde howanyň sowuklygy noldan 13 dereje aşak düşer. 28-nji dekabrda Mary we Daşoguz welaýatlarynda aýazly howa bolar. Mundan başga-da, Ahal welaýatynda gije howanyň –3-den –8 gradusa çenli sowuk bolmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, soňky iki ýyldan bäri ilkinji gezek Aşgabatda gar ýagdy we 10-njy dekabr gijesinde Türkmenistan üçin seýrek howa hadysasy hasaba alyndy - sowuk temperaturada garyşyk ýagynlar bilen buz gatyşykly ýagyş ýagdy.
Ygalyň galyňlygy 12 santimetre ýeten Garagum çölüniň merkezi sebitlerinde hem güýçli gar ýagdy. Daşoguz welaýatynda çöl meýdanlarynda howanyň temperaturasy -17 gradusa ýetdi.
Paýtagt sebitine ýagan ygallar 7 gün saklandy, şonuň üçin ýurduň ýaşaýjylary sowuk howada saglyklaryny nädip goramalydygy barada SMS habarnamalaryny aldylar. Şeýle hem, TMCELL-iň müşderilerine Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugy tarapyndan ýoldaky buz sürçekleri sebäpli ýollarda ünsli we seresaply bolmak barada habarnama iberildi.
Öňümizdäki dynç günlerinde minus derejede aýazly howa bolar, şonuň üçin möwsümleýin sowuklamalaryň öňüni almak üçin öňünden taýynlanmak zerurdyr.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......