Koronawirus hatda Antarktida hem baryp ýetdi

  • 24.12.2020 20:17
  • 21k+

Koronawirus indi Ýer şarynyň ähli yklymlaryna ýaýrady -  Antarktida olaryň iň soňkusy boldy. Bu ýerde ýerleşen Çiliniň gözleg bazasynda COVID-19 tapyldy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

O'Higgins Riquelme stansiýasynda geçirilen synaglar bu ýerde işleýän 36 adamda koronawirusyň bardygyny görkezdi. Olaryň arasynda 26 harby işgär we on sany raýat işgär bardy.
Wirus ýokuşanlaryň hemmesi Çilä ewakuasiýa edildi we üzňeleşdirildi, şeýle-de bolsa olaryň hiç biri-de keseliň agyr alamatlaryny görkezmedi. Lukmanlar olaryň ýagdaýyna gowy baha berýärler.
Bazada ulag hyzmatlaryny alyp barýan gämi ekipažynyň üç adamyna hem wirusyň ýokuşandygy mälim boldy.
Şeýle-de bolsa, O'Higgins Riquelme stansiýasy işlemegini dowam etdirdi - jaýlar dezinfeksiýa edildi, baza täze topar iberildi, olar degişli karantini berjaý etdiler we synaglar olarda koronawirusyň ýokdugyny görkezdi.
O'Higgins Riquelme Çiliniň Antarktidadaky uzak wagt bäri iş alyp barýan gözleg merkezidir. Bu baza yklymyň günbatarynda Horn burnuna ýakyn ýerleşýär.

şu gün 15:15
723

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
916

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......