UEFA Çempionlar ligasynyň iň ýyndam futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi

  • 23.12.2020 08:01
  • 10k+

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynda 2019/20 möwsümiň iň ýyndam oýunçylarynyň atlary görkezilen tehniki hasabaty köpçülige çykardy. Hasabatyň bu bölümini "The Independent" neşiriniň habarçysy Migel Dileýni Twitterde ýerleşdirildi.

Sprinterleriň reýtinginiň başyny Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" klubunyň hüjümçisi Kilian Mbape çekdi. Ol "Bawariýa" bilen geçen oýunda sagatda 33,98 km tizlige ýetdi.
Ikinji orny sagatda 33.82 km görkeziji bilen “Leipsig” toparynyň goragçysy Lukas Klostermann eýeleýär, üçünji orunda bolsa sagatda 33,71 km tizlik bilen “Atalanta” toparynyň goragçysy Hans Hatebur ýerleşýär.
Şahsy tizlik rekordlarynyň onusyndan ýedisiniň reýtingiň lideri çykyş edýän "PSŽ" toparyna garşy oýunlarda goýlandygyny bellemek gyzykly.
Mbappeniň Ýewropa kubogynyň diňe bir iň ýyndam däl, eýsem, iň gymmat oýunçysydygyny hem ýatlamak isleýäris.
2019/20 möwsüminde Kilian "PSŽ"-niň düzüminde ähli ýaryşlarda 37 gezek çykyş etdi we 30 pökgi geçirip, 19 asist etdi.

düýn 14:53
6.4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.4k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....