Apple 2024-nji ýylda hususy awtoulaglaryny öndürip başlar

  • 23.12.2020 01:37
  • 18k+

Apple kompaniýasy 2024-nji ýylda hususy awtoulaglaryny öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Olar innowasiýa batareýleri bilen üpjün ediler diýip, newinform.com belläp geçýär.

Hususy elektrokaryny taýýarlamak işine kompaniýa 2014-nji ýylda başlapdy. Taslama “Project Titan” ady bilen belli boldy. Çeşmeler şondan bäri işgärleriň uly öňe gidişlige eýe bolandyklaryny we awtoulag döretmek isleýändiklerini habar berýär. Kompaniýa ilki programma üpjünçiliginde ünsi jemlemegi meýilleşdiripdi, ýöne soň bu pikirden ýüz öwürdi. Çeşme “almanyň” maksadynyň awtodolandyryş funksiýasyna eýe boljak doly derejeli awtoulagy döretmekden ybaratdygyny nygtaýar. Resmi taýdan Apple bu mesele boýunça heniz bildiriş etmedi.
Önümçilikde esasy üns häzirki bahalary arzanlatjak batareýleriň täze görnüşine gönükdiriler. Şeýle-de, täze önümleriň netijesinde akkumulýatorlar özünden ozalkylar bilen deňeşdirilende energiýa taýdan birnäçe esse tygşytly bolar.

düýn 16:02
1.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.4k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.6k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

07.06.2026 16:58
2.2k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....