Balkan welaýatynda täze howa menzili gurlar

  • 21.12.2020 15:28
  • 23k+

Täze howa menzili Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň golaýynda ýerleşýän Jebel şäherçesinde gurlar. Onuň gurluşygy üçin Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik yglan edildi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Ondan öň, ýurdumyzyň deňizýaka sebitinde Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan uzak bolmadyk ýerde — Türkmenbaşy şäherinde döwrebap halkara howa menzili guruldy.
Belläp geçsek, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumy we ş.m. ýaly ýurdumyzyň nebit we gazy gaýtadan işleýän iň uly kärhanalary Balkan welaýatynda ýerleşýär.

Sebitde senagatyň intensiw ösmegi ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Şonuň üçin täze howa menziliniň gurluşygy sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň güýçlenmegine möhüm goşant bolar.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......