Gazet-žurnallaryň birnäçesine täze baş redaktorlar bellenildi

  • 21.12.2020 03:07
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwürleýin neşirleriň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda resminamalara gol çekdi.

Gol çekilen resminamalara laýyklykda, Merdan Gazakbaýew «Watan» gazetine, Söhbet Nurberdiýew — «Mugallymlar gazeti» gazetine, Maksat Nuryýew «Adalat» gazetine baş redaktor bellenildi.
Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli Gurbannazar Orazgulyýew «Diýar» çeper-publisistik žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Ýagmyr Nuryýew bellenildi.
Abdylmejit Myradow başga işe geçmegi sebäpli «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Rähmet Gylyjow bellenildi.

şu gün 11:05
444

“Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filminiň ilkinji treýleri çykdy

Lionsgate kinostudiýasy “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет жатвы) filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Meşhur franşizanyň täze bölümi indiki ýylyň 20-nji noýabrynda prokata çykar...

şu gün 10:29
1k+

Türkmenistanda ýüze çykarylan täze arheologik tapyndylar Aşgabat we Arkadag şäherleriniň muzeýlerine gowşurylar

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-preýmer B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Milli taryhy...

şu gün 10:23
1.4k+

Türkmen milli senenamasy boýunça garagyş döwri başlandy

22-nji noýabrda türkmen milli senenamasy boýunça güýz we gyş paslynyň çalşygyndaky gysga wagtlyk döwür hasaplanýan garagyş döwri ýetip geldi. "Türkmenistan" gazetinde garagyş barada şeýle maglumatlar getirilýär: "Köp ýyllaryň tejribesine nazar aýlasaň, onda şu döwürde howanyň duýdansyz sowap, gar-ýagşyň ýeriň ýüzüni örtýän halatlary az bolmandyr...

düýn 22:19
1.5k+

Metacritic 2025-nji ýylyň iň şowsuz çykan oýunlaryny saýlady

2025-nji ýylda geýmerler üçin Clair Obscur: Expedition 33, Donkey Kong Bananza, Hades 2, Hollow Knight: Silksong ýaly köp sanly gyzykly oýunlar çykdy. Ýöne oýunlaryň ählisi garaşylan netijäni görkezmedi – käbir relizler şowsuz boldy...