Türkmenistanda käbir neşirler birikdirildi

  • 21.12.2020 02:49
  • 11k+

Türkmenistanda neşir önümleriniň düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Netijede käbir ugurdaş neşirler birikdirildi. Munuň özi olaryň mazmunynyň özboluşly bolmagyna täsir eder.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Galkynyş» gazeti we «Возрождение» žurnaly «Watan» gazetiniň düzümine birikdirildi. «Watan» gazeti şol neşirleriň hukuk oruntutary hökmünde ykrar edildi.
Şeýle hem öz işini bes eden «Возрождение» žurnalynyň wezipeleri «Diýar» çeper-publisistik žurnalynyň üstüne ýüklenildi. Ol žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir ediler.
Bulardan başga-da, «Türkmen dili» we «Mugallymlar gazeti» gazetleri birikdirildi.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......