Leýli Ökdirowa — «Ýylyň parlak ýyldyzy-2020» diýen adyň eýesi

  • 20.12.2020 21:32
  • 30k+

Aşgabatda ýurduň ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemlerine we emin agzalarynyň netijelerine görä, aýdymçy Leýli Ökdirowa «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» diýen adyň eýesi boldy.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine ýetirijileriň 11-si gatnaşdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen jemleýji konserte eminler göni ýaýlym arkaly ses berdiler.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki aýdymy, ýagny sazly we sazsyz aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Şol şerte laýyklykda, aýdymçy Leýli Ökdirowa sazly şertde «Nusaý perisi» aýdymyny, sazsyz şertde bolsa meşhur italýan aýdymyny ýerine ýetirdi. Tomaşaçylardan gelip gowşan SMS-lere we eminleriň çykaran çözgüdine görä, Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» diýen adyň eýesi boldy.
Ýeňijä «Ýylyň parlak ýyldyzy» kubogy hem-de höweslendiriji sylag gowşuryldy.
Bäsleşikde 1-nji orny Täşli Tülegenow, 2-nji orny Bahar Annaýewa, 3-nji orny bolsa Rahym Gurbanow dagy eýelemegi başardylar.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......