2020-nji ýylyň iň gowy awtoulaglarynyň sanawy çap edildi

  • 21.12.2020 14:33
  • 16k+

60 sany awtoulag žurnalisti ýarym finala çykan 27 modelden üç kategoriýa boýunça iň gowy awtoulaglary saýlarlar. Ýylyň Demirgazyk Amerika awtoulagy we ýük ulagy (North American Car and Truck of the Year) diýen ada dalaş edýänleriň sanawy çap edildi. Ýeňijiler 11-nji ýanwarda yglan ediler. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Ýarym finala çykan 27 modelden jemi 9 finalçy saýlandy. Olar, adatça, üç kategoriýa bölünýärler.
Ýeňil awtoulag segmentinde premium sedan "Genesis G80", täze "Hyundai Elantra" we "Nissan Sentra" ýeňiş gazandy. “Acura TLX”, “Cadillac CT4”, “Kia K5”, “Mersedes-Benz E-Class” we “Polestar 2” finala çykyp bilmedi.

Iň oňat krossower diýen ugurda finalda “Ford Mustang Mach-E”, “Genesis GV80” we “Land Rover Defender” bäsleşer. Şeýle hem ýeňişe ozal “Cadillac Escalade”, “Chevrolet Tahoe/Suburban” we “Trailblazer”, “Ford Bronco Sport”, “Hyundai Santa Fe”, “Kia Seltos” we “Sorento”, “Mazda CX-30”, “Nissan Rogue”, “Toyota RAV4 Prime” we “Venza”, “Volvo XC40 P8 Recharge” dalaşgärlik edipdiler.
"2020-nji ýylyň iň gowy pikapy" diýen ugurda “Ford F-150”, “Jeep Gladiator Mojave” we “Ram 1500 TRX” finala çykdy. Olara ýeke-täk bäsdeş - “Ford Super Duty” bolupdy.
North American Car and Truck of the Year ýaryşy 1989-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onda iň gowy awtoulaglary ABŞ-dan we Kanadadan 60 awtoulag žurnalistinden ybarat emin agzalary saýlaýarlar. Geçen ýyl ýaryşda “Chevrolet Corvette” sport awtoulagy, “Kia Telluride” krossoveri we “Jeep Gladiator” pikapy ýeňiji bolupdy.

04.04.2026 21:33
3.1k+

Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy....

04.04.2026 13:20
1.6k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

03.04.2026 14:50
3.2k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

02.04.2026 19:44
5.3k+

Nýu-Ýorkdaky awtoulag sergisinde BMW iX3 World Car Awards tarapyndan “Ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi

BMW iX3 elektrik krossoweri World Car Awards baýragy tarapyndan “2026-njy ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi. Sylaglamak dabarasy Nýu-Ýorkda geçirilen awtoulag sergisiniň çäginde geçirildi....