2021-nji ýylda Türkmenistandan Russiýa mümkin bolan ýörite uçuşlaryň senesi yglan edildi

  • 19.12.2020 20:14
  • 42k+

2021-nji ýylyň 25-nji we 30-njy ýanwarynda Türkmenistandan Russiýa iki ýörite uçuş meýilleşdirilýär. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi A.Blohin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen onlaýn-brifingde bu barada habar berdi.

“Häzirlikçe Russiýa Federasiýasynyň hökümeti bilen ylalaşyk bar: 25-nji we 30-njy ýanwar” – diýip, diplomat belledi.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň 25-nji dekabrynda hem ýörite uçuşy guramak meýilleşdirilýär. Bu uçuş, esasan, häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan Russiýanyň raýatlaryny, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martyndaky 635-nji belgili buýrugy esasynda Russiýa Federasiýasyna girmegine rugsat berlen daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryny alyp gider.
Ilçi ähli uçuşlaryň Türkmenabatdan gurnaljakdygyny mälim etdi we gitmek isleýänleriň köpüsini alyp gitmegiň başartjakdygyna umyt bildirdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......