ÝUNISEF taryhda ilkinji gezek Beýik Britaniýadaky çagalara azyk kömegini berer

  • 19.12.2020 17:59
  • 4k+

BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Beýik Britaniýada aç çagalara azyk kömegini berjekdigini habar berdi. Habar beriş serişdeleri gaznanyň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek bu ýurduň çagalaryna azyk kömeginiň beriljekdigini belleýär. Belli bolşy ýaly, bu gazna ösüp barýan garyp ýurtlaryň çagalaryna kömek berýär diýip, kommersant.ru habar berýär.

Käbir britan maşgalalarynda pandemiýanyň, izolýasiýanyň we karantin çäreleriniň esasynda girdeji we iýmit üpjünçiligi bilen bagly ýagdaý birden ýaramazlaşdy. Food Foundation haýyr-sahawat guramasynyň geçiren barlagyna görä, 2,4 mln çaga (17%) iýmit önümleriniň üpjünçiligi ýaramaz bolan maşgalalarda ýaşaýar. Oktýabr aýyna çenli Beýik Britaniýada ýene 900 müň çaga mugt mekdep naharyny almak üçin ýüz tutdy. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNISEF Täze ýylyň dynç alyş günleri döwründe mätäç maşgalalardaky çagalar üçin ertirlik satyn aljak School Food Matters ýerli haýyr-sahawat guramasyna 25 müň funt sterling berdi.
Belläp geçsek, Britaniýanyň hökümeti we premýer-ministr Boris Jonson ýurduň çagalarynyň iýmit ýetmezçiligi meselesini çözüp bilmeýändikleri üçin tankyt edildi.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......