Türkmenistan maşgala mukaddesligini we gender deňligini berkitmek boýunça çäreleri işjeňleşdirýär

  • 17.12.2020 16:03
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň wezipeleri boýunça 16-njy dekabrda geçiren maslahatynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, jemgyýetçilik-syýasy guramalar bilen ysnyşykly işläp bu guramalary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işine has işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi.

Syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli ýaş işçi-daýhanlar, talyp ýaşlar bilen duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, olaryň pikirlerini, isleglerini öwrenip durmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Zenanlar we Ýaşlar guramalary bilen bilelikde deputat we hukukçy zenanlaryň gatnaşmagynda gyz-gelinleriň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge, zenanlaryň hukuklary we borçlary, maşgala mukaddesligi, ahlak terbiýesi baradaky söhbetdeşlikleri geçirmäge ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky, aýallaryň we erkekleriň deň hukuklary hakyndaky (gender deňeçerligi) kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmalydygyny belledi.

 

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......