Özbegistanda “Özbegiston” milli smartfonlary çykarylyp başlandy

  • 17.12.2020 13:33
  • 16k+

Nawoi erkin senagat zolagynda “Özbegiston” täze smartfony öndürilip başlandy diýip, Nawoiniň telekeçileriň we işewür adamlaryň hereketiniň sebit geňeşine salgylanyp, “UzA” agentligi habar berýär. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

Smartfon içerki bazar üçin Özbegistanyň Maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ministrliginiň tabşyrygy boýunça döredildi. Ykjam telefonuň ýat göwrümi 64 Gb barabar.
Smartfon “Telecom Devices PRO” kompaniýasy tarapyndan öndürilýär, modeliň eýýäm üç müňden gowrak nusgasy bazara çykaryldy.
Gajete respublikanyň prezidentiniň kitaplary, özbek edebiýatynyň we aýdym-saz eserleri, şeýle-de Özbegistanyň gözel ýerleriniň suratlarynyň ýygyndysy ýüklenildi. Şeýle-de, telefonda ministrlikleriň we edaralaryň telefon belgilerini öz içine alýan “Hökümet” programmasy oturdyldy. Telefonuň panelinde Özbegistanyň döwlet tugrasy şekillendirilen.
Mundan başga-da, kompaniýa CDMA 450 standartly çagalar üçin smart-sagatlaryny we stasionar telefonlary öndürip başlady. Häzir gajetleri goňşy ýurtlara eksport etmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......