Türkmenistan we ABŞ syýasy geňeşmeleri geçirýärler

  • 16.12.2020 14:36
  • 4k+

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär.

Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat.
Syýasy geňeşmeleriň ilkinji gününde howpsuzlyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara hereketleriň netijelerine garadylar hem-de geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Taraplar sebitleýin we halkara howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä boýunça ösýän terrorçylyk howpuny bellediler.
Owganystanda parahatçylygy gurmak meselelerine aýratyn üns berildi. Owganystan Hökümetiniň we degişli taraplaryň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy üçin ýurduň özüniň syýasy giňişligini üpjün etmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda “Merkezi Aziýa + ABŞ” hem-de “Türkmenistan-ABŞ- Owganystan” ýaly hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi agzaldy.

22.05.2026 15:38
2.4k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:38
2.2k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

22.05.2026 14:19
1.6k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

21.05.2026 18:14
2.6k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......