Google 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan işjeň däl akkauntlary aýrar

  • 15.12.2020 15:32
  • 8.5k+

Google kompaniýasy işjeň däl akkauntlary aýrar. Eger-de akkauntlar iki ýyldan bäri hereketsiz bolsa, ol aýrylar, şonuň üçin kompaniýanyň hyzmatlaryndan (Gmail, Google Disk ýa-da Google Foto) belli bir wagt aralygyndan peýdalanmak gerek. Bu üýtgeşmeler 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýär.

Eger-de ulanyjy 15 GB mugt bulut ammaryndan geçse we şol iki ýylyň dowamynda goşmaça ýer üçin tölemese, kompaniýa ýokarda agzalan hyzmatlarda saklanýan faýllary ýok etmek hukugyny özünde saklaýar.

“Eger-de siz kontentleri iki ýyl (24 aý) ulanmadyk bolsaňyz, biz Gmail, “Drive” ýa-da “Foto” hyzmatlaryndan olary aýryp bileris. Sizde Google One abunasy bar bolsa, kwotadan geçmedik we hiç hili düzgünleri bozmadyk bolsaňyz, maglumatlaryňyz saklanyp galar” – diýlip, Google-iň habarynda aýdylýar. 

Şeýle-de, habarda ulanyjylaryň kontentleri täze düzgünler bilen baglylykda aýrylan ýagdaýynda-da, olaryň öz akkauntyna girip biljekdikleri bellenilýär. 
Belläp geçsek, bu düzgünler Google Workspace, G Suite Education Edition we G Suit Non-profit Edition ulanyjylaryna degişli däldir.
Kompaniýanyň akkaunty bozmazdan öň, onuň eýesine bu barada habar berjekdigini belläp geçmek gerek. Bildiriş ýatlatma we elektron poçtasyna hat görnüşinde geler.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......