Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 15.12.2020 13:24
  • 3.9k+

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky missiýalaryň hem-de konsullyk edaralarynyň baştutanlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň diplomatik korpusyna beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de türkmen diplomatlary döwlet baştutanynyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň iş üstünde durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......