Hökümet mejlisinde Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek maslahatlaşyldy

  • 15.12.2020 13:03
  • 20k+

14-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtyny we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Iş maslahatynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, käbir wise-premýerler hasabat bilen çykyş etdiler. Hususan-da, hasabatlarda sebitlerde işleriň ýagdaýy, şeýle hem ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, 2020-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlemegiň zerurdygyny belledi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......