874 sany daşary ýurt raýatlary Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy

  • 12.12.2020 19:26
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 11 döwletiň raýatlary hem-de 31 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 874-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Daşary işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna, beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama almak barada ýüz tutan, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmek tabşyryldy.

şu gün 07:18
312

Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy

76-njy Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy — «Altyn Aýy» germaniýaly asly türk režissýor Ilker Çatakyň düşüren «Sary hatlar» (Gelbe Briefe) filmine gowşuryldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji fewralda Potsdam meýdanyndaky Berlinale köşgünde geçirildi...

şu gün 01:33
1.3k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

düýn 20:39
1.5k+

Ýaponiýa uçarlarda daşky akkumulýatorlary ulanmagy gadagan edýär

Ýaponiýanyň Ulag ministrligi awiakompaniýalara uçaryň içinde portatiw zarýad beriji enjamlary ulanmagy gadagan edýär. Bu görkezme 2026-njy ýylyň aprel aýynda güýje girer. Gadaganlyga uçuş wagtynda smartfonlaryň akkumulýatorlarynyň we pauerbanklaryň ýanmagy bilen bagly ýüze çykan wakalar sebäp boldy...

düýn 17:18
5.8k+

Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy

Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir...