Mejlis Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet sylaglary bilen sylaglady

  • 12.12.2020 15:07
  • 8.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. 

Sylaglamak dabarasy Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde geçirildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyz, halkymyzyň süýjüliginden toý paý hem berildi.
Milli Liderimiz sylaglar we gutlag sözler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Berkarar döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli özüne gowşurylan döwlet sylaglary bolan «Bitaraplyk» ordenini we ýubileý medalyny, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyzy, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza eýerip berlen türkmen toý süýjüligini, ilkinji nobatda, bu sylaglaryň ählisini türkmen halkymyza berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany  bilen, amala aşyrylýan işlerde görkezen hyzmatlary, işjeň hem-de önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işleri hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Mejlisiň Başlygy hem-de ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy hem-de olar şu şanly baýram mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manadymyzy hem-de toý süýjüligini aldylar.
Sylaglara eýe bolanlar bu gymmatlyklary ýüzlerine sylyp, kabul etdiler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......