Türkmenistan Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna ýene-de 100 müň dollar berer

  • 10.12.2020 13:28
  • 10k+

BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen dünýäniň döwletlerine we halklaryna ynsanperwer kömekleri bermäge gönükdirilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam edip, Türkmenistan 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna nobatdaky pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi. Onuň möçberi ABŞ-nyň 100 müň dollaryndan ybaratdyr, diýip Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady.
Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna, şeýle-de ynsanperwer häsiýetli kynçylyklara sezewar bolan dünýäniň beýleki döwletlerine ençeme gezek ynsanperwerlik kömegini berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2020-nji ýylda ýurt Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna 100 000 ABŞ dollary möçberinde özüniň meýletin goýumyny girizdi.

şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 23:57
1.1k+

Reuters: Volkswagen 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşadýar

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni işgär sanyny azaltmak maksatnamasynyň çäginde, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 19 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi kompaniýanyň baş......

düýn 10:04
5.2k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......