Türkmenistanda goragy güýçlendirilen banknotlaryň täze nusgalary dolanyşyga girizildi

  • 09.12.2020 16:32
  • 67k+

Eýýäm 2020-nji ýylyň dekabr aýyndan Türkmenistanyň Merkezi banky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manatlyk banknotlaryň täze modifirlenen nusgalaryny dolanyşyga goýberdi.

Banknotlaryň ýüz tarapynyň reňki we şekili öňki görnüşde saklanyp, olaryň ählisinde “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany şekillendirilendir.
Üýtgedilen banknotlaryň arka tarapynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Konstitusiýa binasynyň şekilleri we 2014-nji ýylyň banknotlarynda şekillendirilen binalar ýerleşdirilendir. Bu üýtgetmeler banknotlaryň gorag alamatlaryny güýçlendirmek we goragyň görüp bolýan elementlerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.
2020-nji ýylyň nusgasyndaky banknotlaryň gorag alamatlary güýçlendirildi, şol sanda olaryň ählisiniň ýüz tarapynda şekillendirilen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany älemgoşar çap ediş usulynda ýerine ýetirilendir. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çykarylan senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezilýär.
Türkmenistanyň çäginde bu banknotlar eýeçiligiň görnüşine we alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky banknotlaryň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamagyň zerurdygyny ýatladýar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......