Türkmenistanyň we Kuweýtiň diplomatik ýokary okuw mekdepleri wideomaslahat geçirdiler

  • 09.12.2020 15:09
  • 4.4k+

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatiýa institutynyň arasynda wideomaslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Onlaýn foruma diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň mundan 25 ýyl ozal saýlap alan taryhy ýolunyň döwletiň üstünlikli ösmeginiň ugruny kesgitländigini nygtadylar.
Türkmenistan we Kuweýt Döwleti diplomatik gatnaşyklary 1995-nji ýylda ýola goýdular hem-de şu geçen döwrüň dowamynda bu gatnaşyklar dürli ulgamlarda üstünlikli ösdürildi we berkidildi. Bu gün iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen-kuweýt gatnaşyklary BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde hem okgunly ösdürilýär.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......