Türkmenistan BMG bilen bilelikdäki täze taslamalara badalga berdi

  • 09.12.2020 15:47
  • 4.7k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki täze taslamalaryna badalga berildi. Munuň üçin degişli resminamalara 8-nji dekabrda Aşgabatda gol çekildi.

Gol çekilen taslamalaryň sanawynda: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMGÖM-niň arasynda “Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin meýdança” atly Taslama resminamasynyň 2-nji tapgyry; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Ýurt maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we BMGÖM-niň arasynda “Telekeçiligi goldamak we bank ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak”;
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda BMGÖM-niň “2021 — 2022-nji ýyllar üçin Aziýada zorlukly ekstremizme durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)” ýaly resminamalar we beýlekiler bar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......