Türkmenistan Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna meýletin goýumlaryny dowam edýär

  • 10.12.2020 11:54
  • 4.3k+

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasyna laýyklykda 15 ýyl ozal döredilen Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çäre geçirildi. Ýokary derejeli çäräniň işine BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow gatnaşdy.
Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanmak bilen sebitiň ýurtlaryna we dünýäniň beýleki döwletlerine olar tarapyndan tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýeňip geçilmegi üçin yzygiderli kömekleriň berilýändigi bellenilip geçildi.
Şu nukdaýnazardan we halkara bileleşigi tarapyndan global derejede durmuşa geçirilýän hereketlere goldaw bermek maksady bilen biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň başynda ýokarda agzalan gazna özüniň ilkinji meýletin goýumyny geçirdi.
BMG we onuň dünýä döwletlerine hem-de halklaryna ynsanperwerlik kömeginiň berilmeginden ugur alýan ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen Türkmenistan 2021-nji ýylda Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna nobatdaky goýumynyň geçirilmegi barada yglan etdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......