Türkmenistanda Owganystanyň täze bellenen ilçisi işläp başlady

  • 08.12.2020 22:53
  • 4.5k+

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketlerine hem-de sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Ilçi Han Wali Han Başarmal türkmen tarapyna Owganystana berilýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Bilelikdäki iri infrastruktura taslamalarynyň, aýratyn hem  TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň we Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle-de diplomatlar bilim, medeniýet ugurlary we ylmy alyş-çalyşlar boýunça durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Ilçi Han Wali Han Başarmal özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.  

 

düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......