Türkmenistanda at çapyşyklaryna sanly ulgam arkaly totalizator goýumlary giriziler

  • 08.12.2020 19:25
  • 8.9k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen 7-nji dekabrda geçiren iş maslahatynda atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin zerur işleri geçirmegi, bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmegi hem-de ýaş hünärmenleri höweslendirmegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, atçylyk sport toplumlarynyň talaba laýyk saklanylmagyny, olarda bejeriş we abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, bu toplumlaryň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin seljermeleri geçirip, degişli teklipleri taýýarlamaly.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzda halkymyz tarapyndan at çapyşyklaryna bildirilýän uly gyzyklanmadan ugur alyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly totalizator goýumlaryny ulanmagyň hem maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Munuň özi ahalteke bedewleriniň daşary ýurtlardaky köpsanly muşdaklarynyň barha artmagyna, olaryň türkmen atçylyk sportuna bolan ünsüniň ýokarlanmagyna, türkmen janköýerleriniň at çapyşyklara höweslenmeleriniň has-da artmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ugra degişli tabşyryklary berdi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......