«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ukrain dilinde neşir edildi

  • 08.12.2020 14:28
  • 2.1k+

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.

Çärä Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýlelikde, ukrain okyjylary türkmen halkynyň medeniýeti, filosofiýasy, milli häsiýetleri parasatly ahlak ýörelgeleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik aldylar.
Bu kitabyň hytaý, ýapon, rus we gruzin dillerine terjime edilendigini bellemek gerek.

düýn 23:23
659

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....