Ýylyň Global Teacher Prize baýragy hindistanly mugallyma gowşuryldy

  • 08.12.2020 13:25
  • 7.8k+

Ýylyň Global Teacher Prize baýragyna bu ýyl hindi mugallymy Ranjitsinh Diseýl mynasyp boldy we ol 1 million dollarlyk pul baýragyň ýarysyny baýragyň 9 finalçysyna berjekdigini aýtdy. Bu barada CNN-e salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

Ranjitsinh Diseýl Hindistanyň günbataryndaky bir obada sapak berýär. Onuň gyzlaryň biliminiň ösmegine goşan goşandy bir million dollar diýlip bahalandyryldy. Diseýl okuw kitaplaryny okuwçylarynyň şiwesine terjime etmek üçin ýerli obanyň dilini öwrendi. Şeýle hem, ol okuwçylarynyň ses materiallaryna, wideo leksiýalaryna girmäge mümkinçiligi bolar ýaly okuw kitaplary üçin özboluşly QR kodlaryny döretdi. Bu bolsa okuwçylaryň mekdebe gatnawynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrdy. Onuň QR tehnologiýasy indi Hindistanda barha giňden ýaýraýar.
Diseýliň bu ýeňşi iňlis aktýory we tele alyp baryjysy Stiwen Fraý tarapyndan ýörite wirtual dabarada yglan edildi. Mugallym million dollary özüne almagyň ýerine baýragyň ýarysyny beýleki dokuz finalçy bilen paýlaşjakdygyny mälim etdi. Netijede, finalçylaryň her birine 55,000 dollardan ýeter. Baýragyň alty ýyllyk taryhynda beýle waka ilkinji gezek bolup geçdi.
Baýragyň beýleki dokuz finalçylary ABŞ-dan, Angliýadan, Wýetnamdan, Nigeriýadan, Günorta Afrikadan, Italiýadan, Günorta Koreýadan, Malaýziýadan we Braziliýadadan bolan mugallymlardyr.
Diseýl baýragy paýlaşmak bilen, beýleki mugallymlara hem möhüm işlerini dowam etdirmäge kömek etjekdigini düşündirdi.

"Biz hem ýardam goluny uzadyp, mümkin boldugyça köp okuwçynyň durmuşyny ýeňilleşdirip bileris" -diýip, mugallym belleýär.

Mugallymlar baýragy Varkey gaznasy tarapyndan UNESKO bilen bilelikde döredildi.  Bu ýyl baýragy almak üçin dünýäniň 140-dan gowrak ýurdundan 12 müňden gowrak mugallym ýüz tutdy.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......