WhatsApp dünýäde iň meşhur programma boldy

  • 07.12.2020 23:43
  • 9k+

SensorTower analitik kompaniýasy ýükleme sany we girdejisi boýunça iň gowy programmalaryň sanawyny neşir etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, WhatsApp noýabr aýynda iň köp girdejili oýun däl programma boldy. Birnäçe aý bäri TikTok (Hytaýda programma Douyin diýlip atlandyrylýar) birinjiligi eýeleýärdi. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

1-nji noýabrdan 30-njy noýabr aralygynda App Store we Google Play ulanyjylary ony 58 mln gezek gurnadylar. Ýüklemeleriň 30%-i Hindistanyň, 10%-i Nigeriýanyň paýyna düşdi.
Iň meşhur programmalaryň sanawynda ikinji orny TikTok eýeleýär. Geçen aýda ol 55 mln gezek ýüklenildi. Bu ýagdaýda esasy auditoriýa hytaýlylar boldy. Ýüklemeleriň 85 göterimi hut Hytaýyň paýyna düşdi
TikTok bilen Douyin 123 million dollardan gowrak girdeji gazandylar, bu geçen ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende 3,7 esse köpdür. Girdejiniň 85%-i Douyin hytaý wersiýasyndan gelýär. Ikinji orny 8% girdeji bilen ABŞ-nyň bazary, üçünji orny 2% girdeji bilen Türkiýe eýeleýär. Ýeri gelende Hindistanyň TikTok-y ulanmagy gadagan edendigini bellemek gerek.
Iň gowy programmalaryň bäşligini Facebook, Weather and Radar USA we Instagram jemleýär. Altynjy orunda Zoom messenjeri ýerleşdi.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.8k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......