Türkmenistanyň käbir ministrlikleri BMG bilen 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çeker

  • 07.12.2020 21:30
  • 6.2k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda “Nesil saglygy babatda ýokary hilli hyzmatlara umumy elýeterliligi gowulandyrmak” atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çeker.
Şeýle hem zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri “Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna” türkmen tarapyndan gol çeker.
Munuň üçin degişli ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. 

şu gün 15:52
3.3k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 11:02
1.1k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....