Türkmenistan Täze ýyly öňüni alyş çäklendirmeleriniň şertlerinde bellär

  • 07.12.2020 22:02
  • 35k+

Türkmenistan Täze ýyl baýramyny ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça bellenen çäklendiriji çäreleriň şertlerinde belläp geçer, diýip ORIENT habar berýär.

Täze ýyl gijesindäki baýramçylyk dabarasy 31-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň, 50 adamdan ybarat medeniýet we sungat işgärleriniň toparynyň gatnaşmagynda 23:00-dan 24:00-a çenli aralykda geçiriler. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaşuly nesliň wekilleriniň Täze ýyl gutlaglary teleköpri arkaly ýaýlyma berler. Baýramçylyk howpsuz aralygy berk berjaý etmek bilen geçiriler.
Mundan başga-da, sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, 31-nji dekabr agşamsy "Ylham" seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada meýilleşdirilen Täze ýyl dabaralary, şeýle hem Aşgabatda we welaýat merkezlerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri ýatyrylýar.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......