Warner Bros. kinostudiýasy 2021-nji ýylda birbada 17 film çykarar

  • 06.12.2020 17:51
  • 7.6k+

Warner Bros. kinostudiýasy 2021-nji ýylda bir wagtyň özünde 17 filmi çykarmak kararyna geldi. Bu barada Cinema Blend portalyna salgylanyp, piter.tv belläp geçýär.

Kompaniýa indiki ýylda çykmaga taýýarlanýan filmleriň dünýä kinoteatrlarynda görkezilip başlanjakdygyny belleýär. Kino kompaniýasy ähli filmleriň bir wagtda hem kinoteatrlarda, hem HBO Max akym serwisinde çykjakdygyny düşündirýär. Onlaýn-kinoteatr premýeradan soň olary bir aý görkezer, şondan soň filmler onuň katalogyndan ýiter, ýöne Blu-ray we DVD-de çykýança kino prokatynda galar.
Ýatlap geçsek, Deni Wilnýowanyň “Dýuna” we Lana Waçowskiniň “Matrisa 4” ýaly filmleriniň premýerasy 2021-nji ýyla meýilleşdirilen. Şeýle-de, Warner Bros. “Täsin aýallar 1984” filminiň premýerasynyň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda kinoteatrlarda we HBO Max-da görkeziljekdigini habar berdi. Akym serwisiniň ýaýlymy goýbermeýän ýurtlarynda kinokomiks prokata 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çykar.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......