Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler

  • 03.12.2020 17:37
  • 8.2k+

Ispaniýanyň “Real” futbol kluby Maurisio Poçettinony we Rauly toparyň baş tälimçisiniň wezipesine esasy dalaşgärler hasaplaýar. Bu barada "Marca" gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda Madridiň "Realyna" Zinedin Zidan baş tälimçilik edýär. Aýdylmagyna görä, klubuň ýolbaşçylary toparyň soňky netijelerinden nägile. "Real" Ispaniýanyň çempionatynda yzly-yzyna üç oýunda (iki ýeňliş, bir deňlik) ýeňiş gazanyp bilmedi we Çempionlar ligasynda ukrainaly "Şahtýordan" (0:2) utulyp, "B" toparçada üçünji orna düşdi.
48 ýaşly Poçettino bu wezipä esasy dalaşgär hasaplanylýar. Argentinaly tälimçi mundan öň iňlisleriň “Tottenhem” toparynda şeýle wezipede işläpdi. Iýun aýynda 43 ýaşyny dolduran Raul oýnan oýunlarynyň sany boýunça (741 oýun) "Realyň" rekordçysy hasaplanylýar we häzirki wagtda ol Madridiň ätiýaçlyk topary "Kastiliýa" tälim berýär.
Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen on oýundan soň “Real” 17 utuk bilen dördünji orunda barýar.

düýn 14:53
5.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....