Emeli intellekt üçin kanunçylygy emele getirmek meselesi maslahatlaşyldy

  • 03.12.2020 13:57
  • 3.2k+

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy.

Bu çärä Ýewropa parlament barlaglary gullugy hem-de ylmyň we tehnologiýalaryň geljeginiň meseleleri boýunça Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlykda EI ulgamlaryny işläp düzmek boýunça toparyň wekilleri, birnäçe döwletleriň parlamentleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Onlaýn maslahatyň dowamynda YHÖG-niň ählumumy parlament platformasynyň çäklerinde hereket etmek, ýurtlaryň parlamentleriniň emeli intellekt we öňdebaryjy sanly tehnologiýalar ulgamyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. EI-niň hukuk binýadynyň kanunçylygynyň adam hukuklaryny we demokratik gymmatlyklary hasaba almak bilen işlenip düzülmelidigi bellenildi.
Onlaýn mejlisde emeli intellekt boýunça ählumumy parlament ulgamyny döretmegiň mümkinçilikleri, COVID-19-yň tehnologiýa gatnaşyklaryna täsiri we beýlekiler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......