2021-nji ýylda “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy adaty görnüşde geçer

  • 03.12.2020 16:16
  • 6.4k+

Amerikan kino akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny oflaýn geçirmegi göz öňünde tutýar diýip, Kinematografiýa sungaty we ylmy akademiýasyndaky hem-de ABC teleýaýlymyndaky çeşmelere salgylanyp, “Variety” neşiri habar berýär. Bu barada sostav.ru belläp geçýär. Ondan öň dabara 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 25-nji apreline süýşürildi.

Akademiýa kinoteatrlaryň ýazda açylmagyna we bäsleşik üçin has köp filmiň prokata çykmagyna umyt bildirdi. Kinoteatrlaryň işläp-işlemejekdigine garamazdan, dabara “Dolbi” teatrynda adaty ýagdaýda geçiriler. Kino zalynda 3,4 müň orun bar, ýöne heniz olaryň näçesini tomaşaçylaryň tutjakdygy näbelli bolmagynda galýar.
Koronawirus pandemiýasy kino pudagyna uly täsir ýetirdi: köp filmleriň surata düşürilişi togtadyldy, premýeralar yza süýşürildi. Akademiýa şu ýyl dalaşgär görkeziljek filmleriň prokata çykmaly möhletini hem uzaltdy (2020-nji ýylyň 31-nji dekabryndan 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna süýşürildi), şeýle-de premýerasy striming serwislerinde bolan filmlere “Oskara” dalaşgärlik etmäge mümkinçilik döretdi.
“Oskar”, “Emmi” baýraklarynyň gowşurylyşy şu ýyl yza süýşürilmedi, ýöne gibrid görnüşinde geçirildi. Dabaranyň bir bölegi oflaýn ýagdaýynda geçdi. Dalaşgärleriň köpüsi dabara wideo aragatnaşygy boýunça tomaşa etdiler.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......