Turkish Airlines anna güni Türkmenabatdan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar

  • 02.12.2020 23:51
  • 20k+

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ylalaşykda 4-nji dekabrda anna güni sagat 17:05-de meýilleşdirilen. Bu barada ORIENT habar berýär.

Türkiýäniň Aşgabatdaky diplomatik missiýasynyň ýörite uçuş baradaky bildirişine görä, Türkmenistanyň çäginde bolan Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryndan we Türkiýä gitmek isleýän raýatlardan gyssagly ýagdaýda anketanyň doldurylmagy we ilçihananyň resmi elektron poçta salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) iberilmegi haýyş edilýär.
Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawy ilçihana tarapyndan Turkish Airlines-iň Aşgabat bölümine iberiler (Atatürk köçesiniň 82-nji jaýy, “Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň A7-A8 otagy / 1-nji gat. Tel: +993-610-144-33), bu ýerde ýörite uçuş üçin petegi satyn alyp bolýar.
Petekleriň bahasy awiakompaniýa tarapyndan her ýolagçy üçin 500 dollar möçberinde bellenilen. Her bir ýolagçynyň ýanyna 30 kg agramly goşy, 8 kg-dan ýokary bolmazlyk şerti bilen el goşuny ýa-da ykjam kompýuter üçin torba, şeýle-de zerur bolan ýagdaýynda goşmaça ýük alyp bilýändigi habar berilýär.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......