2020-nji ýyl hakynda köp bölümli film surata düşüriler

  • 02.12.2020 11:22
  • 5.3k+

Ýazyjy, režissýor hem-de prodýuser Çarli Bruker 2020-nji ýylda bolup geçen wakalar barada gürrüň berýän köp bölümli filmiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline portalyna salgylanyp, REGNUM habar berdi.

Netflix hyzmatynda görkeziljek filmde Hýu Grantyň çykyş etjekdigi belli boldy. Filmiň sýužeti barada heniz hiç hili maglumat ýok hem bolsa, aktýor parik geýen "ýigrenji" taryhçynyň keşbinde oýnajakdygyny mälim etdi.
Tomaşaçylar Çarli Brukeri “Gara aýna” ("Black mirror") serialyndaky işi bilen tanaýarlar. Ýeri gelende aýtsak, 2020-nji ýylyň maý aýynda ýazyjy “Gara aýnanyň” altynjy möwsüminiň üstünde işlemeýändigini, komediýa ssenarilerini ýazýandygyny aýtdy. Ol indi adamlaryň "jemgyýetiň çöküşi" baradaky gamgyn hekaýalara esaslanýan filmleri görmek islemejekdiklerini düşündirdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......