Italiýada Apple kompaniýasyna 10 mln ýewro jerime salyndy

  • 01.12.2020 15:14
  • 16k+

Italiýanyň Monopoliýa garşy göreş edarasy adalatsyz iş tejribesi üçin Apple kompaniýasyna 10 mln ýewro jerime saldy. Bu barada Bäsdeşligi we bazary goramak edarasynyň (AGCM) metbugat gullugy habar berdi. Muny REGNUM habarlar agentligi ýetirýär.

Edaranyň maglumatlaryna görä, amerikan kompaniýasy ulanyjylary iPhone ykjam telefonlarynyň suw geçirmeýändigi baradaky gürrüňleri bilen ýalňyşdyrdy. Ýagny, bu gurluşlaryň bir metrden dört metre çenli çuňluga çydap biljekdigi habar berildi.
Edarada Apple-iň birnäçe iPhone modellerini suw geçirmeýän görnüşinde kesgitläp, suwdan goraglylygyň diňe käbir ýagdaýlarda täsir edýändigini ulanyjylara aýdyň düşündirmändigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde Apple suw ýa-da beýleki suwuklyklaryň düşmegi bilen döwlen smartfonlary kepillik bilen bejermek islemedi. Kompaniýa Italiýanyň Monopoliýa garşy göreş gullugynyň beýanatyna teswir bermekden saklandy.
Belläp geçsek, bu jerime Apple-iň taryhynda iň ulusy däldir. Iň uly dawalaryň biri 2017-nji ýylda, ýagny iPhone 6, iPhone 6S, iPhone 7 we iPhone SE telefonlarynyň eýeleri yzygiderli täzelenmeden soň, gurluşlaryň haýal işleýändigini ýüze çykaranlarynda bolup geçdi. Öndüriji täzelenen programma üpjünçiliginde haýallaýyş funksiýasynyň bardygyny boýun aldy, şondan soň oňa garşy kazyýet işi açylyp, jerime salyndy.

düýn 16:56
4.6k+

Meýdançadan biznese: Ronaldu, Kortua we Lebron tehnologiýalara maýa goýýarlar

Janköýerleriň biri-birinden gyzykly futbol oýunlaryna we transferlere aňk bolup, tomaşa edýän wagtynda, dünýäniň futbol ýyldyzlary başga bir meýdançada–maýa goýum äleminde «şowly pas berip, owadandan owadan......

düýn 16:35
3.2k+

Dünýä egin-eşik bazarynyň göwrümi $1,75 trilliona ýetdi: iň uly ägirtler kimler?

2025-nji ýylda dünýäniň lybas we moda bazarynyň umumy bahasy, takmynan 1,75 trillion dollar möçberinde kesgitlenildi. Bu örän uly mukdar bolup, dünýäniň jemi içerki önüminiň 1,6%-ine deňdir....

düýn 15:36
1.9k+

Alymlar tirannozawryň derisini täzeden döretdiler: ondan eýýäm ýantorba ýasaldy

Alymlar tarapyndan emeli usulda döredilen «tirannozawryň derisinden» ýasalan dünýädäki ilkinji ýantorba 660 müň dollar başlangyç baha bilen auksiona çykarylar. Bu material ýöne bir öýkünme däl: ol ýok bolup......

01.04.2026 19:33
5.3k+

«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz......