«Pandemiýa» 2020-nji ýylda iň köp gözlenilen söz — Merriam-Webster sözlügi

  • 01.12.2020 14:41
  • 6.2k+

Tutuş dünýäde Uebsteriň sözlügi hökmünde belli bolan “Merriam Webster” iňlis diliniň sözlügi “pandemiýany” 2020-nji ýylyň sözi diýip ykrar etdi. Bu barada sözlügiň resmi portalynda habar berilýär. Muny TASS ýetirýär.

"Käte diňe ýekeje söz döwri kesgitläp bilýär. Bu agyr ýylyň hem “pandemiýa” sözi bilen tapawutlanmagy dogrudyr. Biziň onlaýn sözlügimizde ýygy-ýygydan gözlenýän sözleriň statistiki seljermesine esaslansak, 2020-nji ýylyň sözi hut “pandemiýa” boldy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ilkinji gezek bu söz boýunça gözleg soraglarynyň düýpli ösüşi fewral aýynyň başynda ýokarlandy, ýöne Ştatlarda koronawirus ýokanjynyň ilkinji ýagdaýy hasaba alnanda, ýagny 20-nji ýanwarda söz has köp gözlendi. Şonda sözüň manysyna degişli gözlegler geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1 621%, mart aýynyň başyndan bolsa 4 000% ýokarlandy. Ikinji ösüş 11-nji martda, ýagny Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirusy pandemiýa diýip yglan edenden soň bolup geçdi, şonda gözlegler 115 806% ýokarlandy.
Merriam-Webster sözlügi ýylyň sözüni 15 ýyldan gowrak wagt bäri saýlaýar. Geçen ýyl sözlük “they” (olar) sözüni 2019-njy ýylyň sözi hökmünde ykrar etdi. Şonda amerikan sözlüginde sözüň saýlanylmagy they-iň täze manysynyň peýda bolmagy bilen düşündirildi, bu 2019-njy ýylda onuň gözlegleriniň dört esse ýokarlanmagyna sebäp boldy. Hünärmenler geçen ýyl “they” sözüniň başda bolşy ýaly adamlar toparyny däl-de, aýratyn adamy aňlatmak üçin köp ulanylandygyny bellediler.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......