Türkmenistan — Litwa hyzmatdaşlygy pandemiýa garamazdan ösýär

  • 30.11.2020 23:52
  • 4k+

Koronawirus pandemiýasy Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky gatnaşyklara düýpli täsir ýetirmedi diýip, Litwanyň Daşary işler ministrliginde bellenildi. Bu barada Trend habar berdi.

"2020-nji ýylyň birinji çärýeginde haryt dolanyşygy 5 million ýewro ýetdi, soňra 3,2 million ýewro çenli azaldy we ýene 6,7 million ýewro çenli ýokarlandy" - diýip, Litwanyň Daşary işler ministrligi belleýär.

Şeýlelikde, ministrlik Litwanyň Türkmenistana, esasan, azyk önümlerini eksport edýändigini nygtaýar.
Şeýle hem Daşary işler ministrligi Litwanyň 2019-njy ýylda pagtany, ulag serişdelerini we olaryň şaýlaryny, elektrik tehnikalaryny we enjamlaryny, şeýle hem çaphana önümlerini Türkmenistandan import edilendigini aýtdy.
Mundan başga-da, ministrlik ýurduň Türkmenistan bilen ulag, elektronika, tehnika we enjamlar, oba hojalygy we azyk önümleri, himiýa senagaty ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygyny nygtaýar.
Ozal Türkmenistan bilen Litwa Hazaryň, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini birleşdirýän täze ugur döretmek we Ýewraziýa giňişliginde, hususan-da, Baltika ýurtlary bilen sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açmak barada gepleşikleri geçiripdi.
Mundan başga-da, Litwa ozal port desgalary we logistika, deňiz ulaglary we gämi gurluşygy babatdaky tejribesini Türkmenistany bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly beýleki ugurlarynyň arasynda energiýa pudagy, dokma senagaty we häzirki zaman ýokary tehnologiýalar pudagy ýaly birnäçe senagat pudagy agzaldy.

şu gün 15:48
943

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......