Owganystanda Türkmenistanyň serişdelerine gurlan täze metjit açylar

  • 29.11.2020 14:18
  • 16k+

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý (Akina) serhetýaka uýezdinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurlan täze metjidiň açylyş dabarasy bolar. Dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň müftüsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystana gider.

Metjit türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly kömeginiň nyşany hökmünde guruldy.
Täze metjit birbada 500 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Onuň gurluşygy üçin Türkmenistan Mazari-Şerifdäki konsullyk gullugynyň üsti bilen «Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO» owgan kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy.
Gurluşyk işleri noýabr aýynyň ortalarynda tamamlandy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......