“Barselonanyň” stadionyna Messiniň ady dakylyp bilner

  • 28.11.2020 15:03
  • 7.5k+

Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubynyň prezidentligine dalaşgärleriň biri Emili Russo saýlanan ýagdaýynda toparyň “Kamp Nou” stadionyny argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň hormatyna atlandyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Russonyň teswirini Goal portaly getirýär diýip, TASS habar berýär.

“Biz stadionyň adyny “Kamp Nou Leo Messi” diýip üýtgetmek üçin referendum geçireris” – diýip, Russo belleýär.

Awgust aýynda Messi klubyň ýolbaşçylary bilen gapma-garşylyk sebäpli “Barselonadan” gitmäge synanyşdy. Soňra ol “Barselona” bilen hukuk dawasyny etmek islemeýändigi we maşgalasynyň Kataloniýada galmak islegi sebäpli galmak kararyna gelendigini habar berdi.
27-nji oktýabrda klubyň prezidenti Hosep Bartomeu wezipesinden gitdi.
Messi 33 ýaşynda, ol “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysydyr. Esasy toparyň düzüminde ol 2004-nji ýylda ilkinji gezek çykyş etdi. Messiniň hasabynda professional karýerada 700-den gowrak goly bar. Ol “Altyn pökgi” baýragynyň alty gezek eýesi boldy, bu rekord hasaplanylýar.

düýn 18:54
980

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....

düýn 15:02
3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....