Türkmenistanlylaryň şu ýylky girdejileri 9,7% artdy — Statistika baradaky döwlet komiteti

  • 27.11.2020 11:12
  • 6.6k+

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň maşgala girdejileri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça 9,7% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde raýatlarymyz aýlyk girdejisiniň, takmynan, 9,1%-ini tygşytlap ýygnap goýmaga başladylar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 1,4% köpdür. Şeýle maglumatlary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, ORIENT agentligi getirýär.

Bu görkezijiler raýatlaryň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny we ilatyň maliýe sowatlylygynyň artýandygyny görkezýär. Şeýle hem, berlen sanlar raýatlara maýa goýumlaryny saklamak we artdyrmak üçin niýetlenen maliýe gurallarynyň sanynyň köpelmeginiň netijesidir.
Bellenilişi ýaly, bu netijeler Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň 1 müň 850 öý hojalygynyň gatnaşmagynda geçirilen gözegçiligiň esasynda alyndy. Olar hem öz gezeginde iň pesden iň ýokary derejä çenli dürli girdeji derejesi bolan bäş topara bölündi.
Gözegçilik işiniň dowamynda oba ýerlerinde maşgalalaryň şäherdäkilere garanda, pullaryny has köp tygşytlaýandygy, ýagny, degişlilikde 7,8%-e garanyňda 10,7% tygşytlaýandygy anyklanyldy. Iň az girdejili maşgalalar umumy girdejisiniň 23,8%-ini we 6,2%-ini azyk önümlerinden gaýry harytlara we hyzmatlara sarp edýärler, iň köp girdejili öý hojalyklary bu kategoriýalara girdejileriniň 32,5%-ini we 9,4%-ini sarp edýärler.
Gazançlaryň köp bölegi ortaça 81,8% pul girdejisini getirýän zähmet işinden alýarlar. Bu kategoriýa kömekçi hojalykdan gelýän girdejiler hem goşulýar. Maşgalalaryň umumy girdejilerinde serişdeleriň 13,9%-ini döwletiň dürli sosial ýeňillikleri — talyp haklary, pensiýa, kömek pullary we beýlekiler düzýär.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......