Gymmatly kagyzlar bazaryny we gazna biržasyny ösdürmek boýunça mejlis geçirildi

  • 26.11.2020 19:35
  • 4.3k+

25-nji noýabrda onlaýn görnüşde Türkmenistanyň Maliýe-ykdysady toplumynyň wekilleri üçin BMGÖM-niň hem-de halkara maliýe edaralarynyň tejribeleri we seljermeleri esasynda milli gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de gazna biržasyny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki maglumat beriş mejlisi geçirildi.

Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesi baradaky tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri Türkmenistanda maýa goýum bazarynyň hem-de gazna biržasynyň ösüşi babatda milli garaýyşlar hakynda habar berdiler.

 

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......