Aşgabatda «Türkmentel — 2020» atly halkara maslahaty geçirildi

  • 25.11.2020 23:41
  • 6.5k+

24-25-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Şu ýyl foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 21 ýurdundan spikerleriň 30-dan gowragy hem-de wekilleriň 300-e golaýy bellige alyndy. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kipriň, Maldiwleriň, Monakonyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Özbegistanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bar.
Ýurdumyzyň öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan «NOKIA», «HUAWEI», «Tech Investment Сo», «SSI Monaсo», «Thales Alenia», «Afghan Wireless», “Airbus”, “Delta Teleсom Ltd”, “Rosteleсom”, “Eastwind”, “Azerteleсom” we beýlekiler bar.
Umumy mejlis Türkmenistanda innowasion, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşine bagyşlandy. Dünýäniň tejribesi, dolandyryşyň ösüşi we häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

şu gün 10:31
3.3k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
975

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......