Alymlar iň kiçi ýatda saklaýjy enjamy döretdiler

  • 25.11.2020 22:40
  • 6.3k+

Molibden disulfidiniň esasynda amerikan alymlary bir atom galyňlygyndaky ýatda saklaýjy enjamy döretdiler. Şeýle saklaýjyda maglumat ýazgysynyň sygymy häzirki zaman fleş disklerinden, takmynan, 100 esse uludyr. Enjam hakynda gürrüň berýän makala “Nature Nanotechnology” ylmy žurnalynda çap edildi.

Täze enjam memristor bolup durýar — alymlar üstünden geçýän elektrik zarýadyna baglylykda garşylygyny üýtgedýän ýat elementlerini şeýle atlandyrýarlar.
Tranzistorlaryň ornuny tutup bilýändikleri üçin memristorlar özlerinde zarýady "saklap" bilerler. Özi-de memristorlar häzirki zaman fleş göterijilerinden has çalt işleýärler.
Ozal galyňlygy atomyň ululygyna ýakyn bolan gaty inçe materiallaryň ýat saklap bilmejekdigi tekrarlanylýardy. Şeýle-de bolsa, Ostindäki (ABŞ) Tehas uniwersitetinden Deji Akinwandeniň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň geçiren synaglary munuň beýle däldigini görkezdi.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......