Türkmenistan Owganystanda 500 adamlyk metjit gurdy

  • 24.11.2020 22:40
  • 9.9k+

Ýakyn wagtda türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanda gurlan 500 adamlyk metjit açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Akina şäherçesindäki bu desganyň gurluşygy 2018-nji ýylyň noýabrynda başlanypdy. Gurluşyk işlerini ýurdumyzyň Mazari-Şerifdäki konsullygynyň buýurmasy boýunça Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO owgan kompaniýalary amala aşyrdy.
Bellenilişi ýaly, şunuň bilen birlikde Türkmenistan Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......