R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 24.11.2020 15:41
  • 10k+

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasyndaky iş ýüzündäki özara hereketleriň depginini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we  «Mir» DTRK-niň arasynda maglumat syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......