Türkmenistanda ýokanç keseller boýunça howp toparyna girýän raýatlaryň hereketi çäklendirilýär

  • 23.11.2020 23:54
  • 44k+

Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňaýly tejribesini, şeýle hem dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, Türkmenistanda raýatlaryň maksatsyz hereketlerine çäklendirmeler girizilýär.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, şunuň bilen baglylykda, howp toparyna girýän şahslaryň, şol sanda 50 ýaşdan uly raýatlaryň şäherara we welaýatara ugurlar boýunça hereket etmegine çäklendirme girizilýär.
Şeýle hem 50 ýaşdan uly işgärleriň ýurduň sebitlerine gulluk saparlary çäklendirilýär.
Belläp geçsek, Türkmenistanda täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýynyň hem häzirki wagta çenli ýüze çykarylmandygyna garamazdan, ýurtda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini dakmaklyk hem-de beýleki birnäçe çäklendirmeler girizildi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......