Holandyň bir oýunda dört goly Dortmundyň "Borussiýasyna" ýeňiş getirdi

  • 22.11.2020 14:22
  • 4.9k+

Germaniýanyň futbol çempionatynyň sekizinji tapgyrynda Dortmundyň "Borussiýasy" Berliniň "Gertasyny" myhmançylykda ýeňdi. Duşuşyk 5:2 hasabynda tamamlandy.

Oýunda "Borussiýadan" Erling Holand dört gol geçirdi (47, 49, 62 we 70 minut), bäşinji goly Rafael Gerreýru (70) tora girizdi. "Gertanyň" iki goluny hem Mateus Kunýa geçirdi (33, 79 - 11 metrlik jerime urgusyndan). 85-nji minutda Holandyň ýerine meýdança Ýussufa Mukoko girdi. Mukoko Bundesliganyň oýnunda meýdança giren iň ýaş oýunçy boldy. Ol 16 ýaşap, bir gün geçende çempionatda ilkinji gezek oýna çykypdy.
Germaniýanyň çempionatynda iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda Holand ikinji ýeri eýeledi, onuň hasabynda 10 pökgi bar. Sanawyň başyny 11 goly bilen mýunhenli “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski çekýär.
"Borussiýa" 18 utuk bilen ýaryşyň jedwelinde ikinji orunda barýar. Birinji orunda bir utuk tapawut bilen "Bawariýa" ýerleşýär.

düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.8k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....